Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 122 million 952 müň dollaryndan gowrak boldy

03.06.2017
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 70-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Yrakdan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen ulag benzinini, tehniki kerosini, gidroarassalýyşdan geçen dizel ýangyjyny, ýakylan we summar nebit koksuny satyn aldylar. Hytaýdan, BAE-den, Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna azyklyk bugdaý, arassalanan pagta ýagy, dürli görnüşdäki boýalan tüýjümek önümler, ýorgan-düşek toplumlary, nah ýüplük, pagta übtüginiň çig ýagly kislotasy ýerlenildi. Olary Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 122 million 952 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

02.06.2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna seredildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň hasabat döwründe gazanan makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. 2017-nji ýylyň ýanwar—maý aýlarynyň maglumatlary milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşini görkezýär. Jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda senagat pudagynda ösüş depgini 2,9 göterime, gurluşykda 4,1 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,8 göterime, söwdada 9,5 göterime, oba hojalygynda 3,6 göterime, hyzmatlar ulgamynda 10,2 göterime deň boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy

27.05.2017
Daşary ýurt walýutasyna Türkiýe Respublikasyndan we Gazagystan Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, nebit koksuny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümler, jinsi önümleri, azyklyk bugdaý, arassalanan pagta ýagy, ýüplük we nah mata önümleri, dikeldilen süýüm, pagta süýümi, nah ýüplügiň galyndylary ýerlenildi.

Ykdysadyýetiň pudaklarynda dolandyryş we düzümleýin özgertmeleri geçirmek boýunça teklipleri seljermek maksady bilen pudagara topary döredildi

26.05.2017
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda dolandyryş we düzümleýin özgertmeleri geçirmek hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmek baradaky teklipleri seljermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Şu hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ABŞ-nyň 51 million dollaryna barabar eksport geleşikleri baglaşyldy

20.05.2017
Şu hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Täjigistandan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy

13.05.2017
Daşary ýurt puluna Türkiýeden we Yrakdan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Beýik Britaniýadan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyna, eýranly işewürler toparynyň wekilleri bolsa tehniki kükürde (“Türkmenhimiýa” DK) isleg bildirdiler. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýadan we BAE-den, Türkiýeden gelen telekeçiler boýalan flanel matasyny we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 12 million dollaryndan gowrak boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 16 million 934 müň dollaryndan gowrak boldy

06.05.2017
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, GonkongdanOwganystandanwe beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah mata hem ýüplük, pagta-süýümi, reginirlenen süýüm, nah ýüplügiň galyndylary, buýan köküniň şiresi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar:Russiýa, BAE, Şweýsariýa, Türkiýe, Serbiýa.Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 16 million 934 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

05.05.2017
Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň taslamalarynyň birnäçesine seredildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň başynda ýurdumyzda her ýyl giňden we dabaraly bellenýän Ýeňiş gününiň ýetip gelýändigini belledi. Taryhda iň pajygaly uruşlaryň biri bolan 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Watany gorap, söweş meýdanlarynda türkmenistanly ýigitleriň müňlerçesi deňsiz-taýsyz gaýduwsyzlyk we gahrymançylyk görkezdiler. Biziň gahrymanlarymyzyň şol söweşlerde görkezen mertligi we edermenligi ölmez-ýitmezdir. Tylda galan watandaşlarymyz hem janaýaman zähmet çekip, gazanylan Beýik Ýeňşe uly goşant goşdular. Biz eziz Watanymyzy, mähriban halkymyzy, ýagty geljegimizi gorap, wepat bolan gahrymanlarymyzyň hatyrasyny, uruşdan ýeňiş bilen gaýdyp gelen gerçeklerimiziň, tylda gijesini gündiz edip, merdanalyk bilen zähmet çeken ildeşlerimiziň mertebesini hemişe belent tutarys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Milli Liderimiz Halkara atçylyk sport federasiýasynyň Kubogy we medaly bilen sylaglandy

27.04.2017
Halkara atçylyk sport federasiýasynyň baştutany Ingimar De Wos hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda atçylyk sport pudagyny ösdürmäge goşan ägirt uly goşandy üçin Halkara atçylyk sport federasiýasynyň Kubogyny we medalyny gowşurdy.
Sylaglary gowşurmak dabarasy Halkara ahalteke atçylyk assosiasyýasynyň VII mejlisiniň barşynda geçi rildi.

Paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde iki gatly kottejleriň 200-den gowragy bina edilýär

25.04.2017
Innowasion tehnologiýalaryň we iň oňat dünýä tejribesininiň işjeň ornaşdyrylmagy, adamlaryň durmuşynyň ýokary ölçegleriniň üpjün edilmegi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanylyp, paýtagtymyzy hem-de ýurdumyzyň beýleki şäherlerini we ilatly ýerlerini gurşap alan uly möçberli özgertmeleriň esasy ugrudyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň baş şäherini gurmagyň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde iki gatly kottejleriň 200-den gowragyny bina etmek göz öňünde tutuldy. Paýtagtymyzyň günorta-günbatarynda ýokary derejeli jaýlary gurmak ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine tabşyryldy. Häzirki wagtda hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri kottej şäherçesini gurmagyň esasy buýrujylary hem-de paýly gatnaşyjylar bolup durýar. Bu ýerde býujet serişdelerini ulanmazdan eýýäm täze görnüşli ýaşaýyş jaýlaryň toplumy döredildi.

Pages

Subscribe to TÜRKMENISTANYŇ MALIÝE MINISTRLIGI RSS