Şu hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ABŞ-nyň 51 million dollaryna barabar eksport geleşikleri baglaşyldy

Şu hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Täjigistandan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Owganystanyň täjirleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah mata hem ýüplük, buýan köki hem şiresi, ýod galamlary, dokma önümçiliginiň galyndylary ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Bolgariýa, BAE, Türkiýe, Ukraina we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 51 million dollaryna golaý boldy.
Manat serişdelerine Hytaýdan, Beýik Britaniýadan we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 225 müň manatlyga golaý bolan nah ýüplügi, hasa toplumlaryny, saryja goýnuň ýüňüni satyn aldylar.
Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler jemi 756 müň manatlyk azyklyk bugdaýy satyn aldylar.
TDH