Ykdysadyýetiň pudaklarynda dolandyryş we düzümleýin özgertmeleri geçirmek boýunça teklipleri seljermek maksady bilen pudagara topary döredildi

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda dolandyryş we düzümleýin özgertmeleri geçirmek hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmek baradaky teklipleri seljermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, ykdysadyýetiň pudaklarynda dolandyryş we düzümleýin özgertmeleri geçirmek baradaky teklipleri seljermek boýunça pudagara topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.
TDH