Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 122 million 952 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 70-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Yrakdan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen ulag benzinini, tehniki kerosini, gidroarassalýyşdan geçen dizel ýangyjyny, ýakylan we summar nebit koksuny satyn aldylar. Hytaýdan, BAE-den, Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna azyklyk bugdaý, arassalanan pagta ýagy, dürli görnüşdäki boýalan tüýjümek önümler, ýorgan-düşek toplumlary, nah ýüplük, pagta übtüginiň çig ýagly kislotasy ýerlenildi. Olary Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 122 million 952 müň dollaryndan gowrak boldy.
Mundan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan gelen işewür toparlaryň wekilleri jemi bahasy 148 müň rus rubline deň bolan terapewtik we kosmetik serişdelerini satyn aldylar.
Russiýadan, Şweýsariýadan we beýleki ýurtlardan gelen iewürler milli manat serişdelerine umumy bahasy 4 million 676 müň manada barabar bolan arassalanan pagta ýagyny satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazarda jemi bahasy 105 müň manatdan gowrak bolan “Türkmenaglomerat” kondisiýa laýyk gelmeýän polipropileni, nebit bitumyny satyn aldylar.
TDH