Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda ABŞ-nyň 13,2 million dollaryndan gowrak bolan eksport geleşikleri baglaşyldy

Şu hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Singapurdan, Panamadan, Owganystandan, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryjy kerosini, jemlenen we ýakylan nebit koksuny satyn aldylar.
Hytaýly işewür toparlarynyň wekilleri tehniki ýoda (“Türkmenhimiýa” DK) isleg bildirdiler. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna azyklyk bugdaý, tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleriň giň görnüşi, nah ýüplük ýerlenildi. Bu önümleri Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Owganystandan Gyrgyzystan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 286 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 516 müň manatlyk “Türkmenaglomeradyň” kondisiýasyz polipropilenini (TNGIZT) we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.
TDH