Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 40 göterim artdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2017-nji ýylyň 6 aýynda geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdireniňde 40 göterimden hem köp artdy. Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýew bilen Bakuda geçirilen gepleşikleriň dowamynda aýtdy.
Şunda ikitarapda hem bar bolan mümkinçilikleriň ýeterlik peýdalanylmaýandygy, söwda hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýynyň iki ýurduň hakyky mümkinçiliklerine laýyk gelmeýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň hem-de haryt dolanyşygynyň depginleriniň ýagdaýyny bilelikde içgin seljermegi teklip etdi.
Türkmenistanda we Azerbaýjanda kuwwatly senagat we agrar binýady häzirki zaman ulag düzümleri döredildi, indi bolsa senagaty koorperasiýalaşdyrmak, hyzmatlar we oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak möhümdir diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Nebithimiýa, gazhimiýa we elektroenergetika pudaklary bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlarydyr. Aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamlarynda hem hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleri bar.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe hem-de Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe ugurlary boýunça ulag başlangyçlary barada aýtdy.
Türkmenistan şeýle hem Baku-Tbilisi-Kars ulag geçelgesiniň gurluşygyny goldaýar, ol Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe demir ýol ulgamlaryny birleşdirer. Bu taslama boýunça uly işler durmuşa geçirildi, ol tamamlaýjy tapgyra gadam basdy hem-de sebitde söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam berer.
TDH