Auditorlar, auditorçylyk guramalar we auditorçylyk işi bilen meşgullanmak isleýän fiziki şahslar!

Türkmenistanyň Maliýe ministrligi maliýe bazaryny kämilleşdirmek, telekeçilik işiniň çygryny giňeltmek we täze iş ýerlerini döretmek maksady bilen, Auditoryň hünär derejeli şahadatnamasyny almakda isleg bildirýänler üçin 2017-nji ýylyň 23-nji awgustynda seminar-maslahatyň geçirilýändigini habar berýäris.
Seminar-maslahat Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolynyň 156-njy jaýynda - Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynyň binasynyň mejlisler zalynda sagat 15:00 başlanýar.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-44-50, 39-45-03