Üns beriň! Maýa goýum bäsleşigi!

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakynda kanunçylygyna laýyklykda,Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça maýa goýum bäsleşikleriniň geçirilýändigi barada habar berýär.


Maýa goýum bäsleşikleri 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda sagat 10-00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň jaýynda geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolynyň 156-njy jaýy.


Maýa goýum bäsleşigine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň dolandyrmagyndaky paýnamalar bukjasy, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň desgalary çykarylýar.

T/B Desgalaryň ady, ýerleşýän ýeri Işiniň görnüşi Satylýan bahasy,
(manat)
Hususylaşdyrmagyň şertleri
TÜRKMENISTANYŇ SÖWDA WE DAŞARY YKDYSADY ARAGATNAŞYKLAR MINISTRLIGINIŇ DOLANDYRMAGYNDAKY PAÝNAMALAR BUKJASY
Ahal welaýaty
1 «Gaýmak» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Babadaýhan şäherçesi. Süýdi gaýtadan işlemek we süýt önümlerini öndürmek. 570 941 7150 sany (esaslyk maýasynyň 100 göterimi) paýnamalary belli bir wagta çenli paýdarlar jemgyýetiniň esasy iş görnüşini saklamak şerti bilen hususy eýeçilige satmak
TÜRKMENISTANYŇ OBA WE SUW HOJALYK MINISTRLIGINIŇ DESGALARY
Lebap welaýaty
5 "Zynhary" maldarçylyk hojalygynyň Halaç etrabynyň "J.Mähremow" adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän maldarçylyk fermasy Mal ýatagy 295 609 Belli bir wagta çenli esasy iş görnüşini saklamak şerti bilen hususy eýeçilige satmak


Мaýa goýum bäsleşigine bellenen görnüşde ýüz tutma beren, girew goýan, ýörite ýygym tölän we maýa goýum bäsleşigine gatnaşmak üçin bellenen möhletde bellige almakdan geçen Türkmenistanyň raýatlary, daşary ýurt döwletleriniň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň döwlete dahylsyz edara görnüşli taraplary we daşary ýurt edara görnüşli taraplary gatnaşmaga hukuklydyr.
Daşary ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar, halkara guramalary, olaryň Türkmenistandaky şahamçalary we hemişelik wekillikleri eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyna we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyna diňe Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň degişli netijenamasy bolan ýagdaýynda gatnaşyp bilerler.
Ýüz tutmalary kabul etmek we maýa goýum bäsleşige gatnaşyjylary bellige almak Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan şu bildirişiň metbugatda çap edilen pursatyndan başlap, bäsleşigiň başlanmagyna iki kalendar güni galanynda tamamlanýar.
Maýa goýum bäsleşigine gatnaşmagyň tertibi boýunça maslahatlar bermek we obýektler boýunça goşmaça maglumatlary bermek Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölümi hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirlikleriniň emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölümleri tarapyndan amala aşyrylýar. Ähli maýa goýum bäsleşigine gatnaşyjylara desgalar bilen öňünden tanyşmaga mümkinçilik berilýär.


Habarlaşmak üçin telefonlar:
Aşgabat şäheri: +99312 39-46-72/73/74/75
Änew şäheri: +993137 3-30-21
Balkanabat şäheri: +993222 7-89-33
Daşoguz şäheri: +993322 5-41-75
Türkmenabat şäheri: +993422 6-11-52
Mary şäheri: +993522 6-06-87