Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryna garaldy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy hem-de Milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Maliýe-bank ulgamyna degişli edaralaryň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän işler barada hem habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösmegine, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeler maksatnamalarynda bellenilen çäreleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň barşyny berk gözegçilikde saklamagyň, ähli ugurlarda durmuşa geçirilýän işlere yzygiderli seljerme geçirmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän söwda ulgamynda işleriň ýagdaýy, içerki bazaryň ýokary hilli harytlar bilen üpjün edilişi, bu ugurda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alyjylara hyzmat edilişiniň medeniýetine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny, ýurdumyzyň ilatynyň isleglerini doly kanagatlandyrmak, söwda nokatlarynda azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmek üçin ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini belläp, wise-premýere baýramçylyk söwdasyny guramak boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin bölümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň” durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi.
Şeýle hem 27-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň altynjy mejlisiniň netijeleri barada habar aýdyldy. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmegiň geljegine garaldy. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek, nebiti we gazy gaýtadan işlemek babatda, gazhimiýa pudagynda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçiligiň bardygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryna ünsi çekdi. Şol strategiýa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny depginli ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga, ýangyç-energetika toplumynyň senagat düzümlerini giňeltmäge, ýurdumyzyň ägirt uly nebitgaz baýlygyny has amatly peýdalanmaga, gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz bu pudakda öňde goýlan wezipeleriň ählisiniň çözülmegine düýpli oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilýän işler hem-de energetika we gurluşyk toplumlarynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, jemagat hojalygy gullugynyň işini kämilleşdirmek, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak bilen bagly döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň gurluşyk senagatyny täze sepgitlere çykarmak üçin ähli şertleri döredip, iri pudak taslamalaryny amala aşyrmaga uly möçberli maýa goýumlaryny gönükdirýändigini belledi. Senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň ýerine ýetirýän işleriniň ýokary derejesini gazanmaga toplumlaýyn çemeleşmegi üpjün edýän guramaçylyk çärelerini güýçlendirmek möhümdir.
Öňde goýlan maksatlaryň ýerine ýetirilmegi ýurdumyzy senagat döwletine öwürmäge, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak ýoly bilen sazlaşykly ösdürmäge mümkinçilik berer. Milli Liderimiz bu wezipeleri döwrebap tehnikalary we täze tehnologiýalary netijeli peýdalanmak, innowasion önümçilik düzümleri döretmek arkaly çözmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak maksady bilen jemagat hojalygynyň ähli edaralarynyň sazlaşykly işlemegini üpjün etmegiň möhümdigini belledi hem-de bu meseläni hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk toplumlarynda geçirilen işler barada hasabat berdi. Wise-premýer milli Liderimiziň häzirki günüň talaplaryna laýyklykda demir ýol, howa, awtomobil hem-de ulaglaryň beýleki görnüşleriniň kärhanalarynyň işlerini kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, yklymyň uly ýollarynyň çatrygynda Türkmenistanyň amatly geografiki ýagdaýynyň artykmaçlyklarynyň ýurdumyza Ýewraziýa aragatnaşyklaryny üpjün etmek üçin milli ulag mümkinçiliklerini bähbitli amala aşyrmaga ýardam berýändigini belledi. Şu babatda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ähli pudaklarynyň depginli döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyna aýratyn üns berdi. Olar halkara ölçeglerine laýyklykda işlemelidir.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň döwrebap ulag-aragatnaşyk düzüminiň ösdürilişine ünsi çekip, bar bolan mümkinçilikleri doly möçberde peýdalanmagy talap etdi hem-de wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew gyş paslynyň ilkinji aýynda geçiriljek medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermäge, şeýle hem 5–6-njy dekabrda Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzda Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Öňde geçiriljek çärä dostlukly ýurduň medeniýet ulgamynyň işgärlerinden we sungat ussatlaryndan ybarat wekilçilikli topar gatnaşar. Onuň çäklerinde döredijilik işgärleriniň duşuşyklary, doganlyk ýurduň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we fotosuratlaryň sergileri guralar hem-de beýleki çäreler geçiriler. Myhmanlar üçin paýtagtymyzyň muzeýlerine we gözel ýerlerine baryp görmegi öz içine alýan medeni maksatnama taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ulanylmaga beriljek medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Öňde boljak dabaralar many-mazmuny hem-de aýdyň öwüşgini bilen tapawutlanmalydyr, olar diňe bir paýtagtymyzy däl-de, Watanymyzyň ähli künjeklerini gurşap alyp, halkymyzy ruhlandyrmalydyr we jebisleşdirmelidir, diýip aýtdy.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasy bilen söwda-ykdysady we medeni – ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belläp, doganlyk ýurduň Medeniýet günleriniň gadymdan gelýän dostluk ýörelgelerine esaslanyp, iki halkyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, bu döredijilik çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başga işe geçmegi sebäpli, B.Abdyýewany Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä N.Şirimowy bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegi we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyny taýýarlamak üçin alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Ýokarda agzalan Maksatnamanyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda halkara arheologiki barlaglary guramak, 2018-nji ýylyň “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda çäreleri geçirmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, işlenip taýýarlanyldy.
Ol gadymy ýoluň ugrunda ýerleşen ýadygärlikleri arheologiýa, etnografiýa, taryhy hem-de edebi taýdan öwrenmäge, milli mirasy öwrenmek boýunça innowasion ulgamy döretmäge, jemgyýetiň aň-bilim kuwwatyny artdyrmaga hem-de täze garaýyşly hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Maksatnamada halkara ylmy aragatnaşyklaryny ösdürmek hem-de daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýurdumyzda geçirilýän arheologiki gazuw-agtaryş işlerine belli alymlary çekmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen Döwlet maksatnamasyny oňlap, taryhy ylmy ösdürmekde hem-de halkymyzyň ençeme müň ýyllyk şöhratly senenamasynyň täze sahypalaryny açmakda şeýle barlaglaryň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerini öwrenmäge ulgamlaýyn çemeleşmegiň, adamzadyň medeni gymmatlygynyň aýrylmaz bölegi, gymmatly maglumatlaryň täsin çeşmesi hökmünde olary goramagyň, meýdan işleriniň netijelerini ylmy dolanyşyga girizmegiň möhümdigini belledi.
Öňdebaryjy kompýuter tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, bellenilen işlere örän giň halkara gerim bermäge mümkinçilik berýän döwrebap maglumatnama ulgamlaryny, maglumat binýatlaryny, internet serişdelerini işläp taýýarlamagyň hasabyna işgärleriň hünär taýdan taýýarlanyş usulyýetini, muzeý hem-de wagyz ediş işlerini täzelemek gerek diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 4–5-nji dekabrda Moskwa şäherinde geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan Hazar boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy hem-de bu sebitde özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça giň gerimli işleri geçirýär. Milli Liderimiziň bu ugurda öňe süren döredijilikli başlangyçlary Hazar deňzinde köpugurly gatnaşyklaryň mäkäm şertnamalaýyn-hukuk binýadyny döretmekde uly goşant boldy.
Türkmenistanyň Baştutanynyň teklipleriniň esasynda möhüm halkara resminamalar işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi, olaryň hatarynda Hazar deňziniň biologiki serişdelerini goramak we rejeli peýdalanmak hakynda ylalaşyk hem-de Hazarda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyk bar. Şeýle hem biziň ýurdumyz Hazar deňziniň gidrometeorologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşygyň mazmunynyň gutarnykly ylalaşylmagyna işjeň ýardam etdi.
DIM-niň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçiriljek maslahatyň barşynda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitiniň gün tertibi bilen bagly meselelere garalar. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda konwensiýanyň taslamasyna aýratyn üns berler. Şeýle hem Hazarda özara gatnaşyklaryň dürli ugurlaryna degişli bolan bäştaraplaýyn resminamalaryň taslamalary, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň Astrahanda geçirilen IV Hazarýaka sammitinde teklip eden söwda-ykdysady ulgamda we ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklar boýunça geňeşmeleri dowam etmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Hazar bilen bagly meseleleriň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup, onuň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýandygyny belledi. Türkmenistan köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklary bilen birleşen Hazarýaka döwletleriniň halklary bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berýär.
Hazar sebiti Ýewraziýa giňişliginde möhüm geosyýasy we ykdysady, strategiki energetika we ulag-aragatnaşyk merkezleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň Hazar deňzi hem-de onuň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany işläp taýýarlamak meseleleri boýunça gepleşiklerde işjeň orny eýeleýändigini belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň Hazaryň ykbaly üçin umumy jogapkärçiligiň hem-de hoşniýetli erk-islegiň esasynda uzakmöhletleýin köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýandygyny belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam edip, Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewany, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary E.Orazgeldiýewi hem-de M.Aýdogdyýewi bir wagtda wideoşekilli göni aragatnaşyga çagyrdy.
Ilki bilen milli parlamentiň ýolbaşçysynyň ýurdumyzyň ýokary kanun çykaryjy edarasynyň 25-nji maslahatynda kabul edilen “Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakyndaky” döwlet Baştutanymyzyň bu babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habary diňlenildi.
Şeýle hem deputatlaryň ýerlerde bu resminamanyň we beýleki kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça uly işleri geçirýändigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, strategiki wezipeleri amala aşyrmak bilen bagly ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk-hukuk binýadyny, şol sanda dolandyryş-çäk gurluşynyň kämilleşdirilmegine degişli meseleleriň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Şeýle hem milli Liderimiz welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça wezipeleri çözmekde deputatlaryň öz ygtyýarlyklaryny netijeli amala aşyrmagynyň, ýaş nesli terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek işine giňden gatnaşmagynyň möhümdigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi, etraplaryň we şäherleriň birnäçesiniň birleşdirilmegi bilen baglylykda geçirilen guramaçylyk işleri barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň “Türkmenýertaslama” döwlet taslama instituty tarapyndan Ýer kadastryna täze maglumatlary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär. Oba we suw hojalyk ministrliginiň, welaýat, etrap häkimlikleriniň hünärmenleri suwaryş ulgamlaryny we zeý suw akabalaryny netijeli ulanmak meselelerini çözýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşynyň kämilleşdirilmeginiň welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, Lebap welaýatynyň degişli düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmegi, ähli meseleleri dessine çözmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew ýurdumyzda innowasion häsiýetli senagat düzümlerini kemala getirmek babatynda milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtmak bilen, welaýatyň senagat kärhanalarynyň işleri barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow himiýa senagatyny ösdürmek boýunça wezipeleriň çözgüdine jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak ýaly möhüm meselä ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de milli ykdysadyýetimiziň senagat kuwwatyny pugtalandyrmak meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de işde uly üstünlikler, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.
TDH