Üns beriň! Bäsleşikli söwda!

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakynda kanunçylygyna laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär.


Bäsleşikli söwdalar 2018-nji ýylyň 7-nji fewralynda sagat 10-00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň jaýynda geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolynyň 156-njy jaýy.


Bäsleşikli söwdada satuwa çykarylýan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Lebap welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň desgalarynyň sanawy.



t.b
Desgalaryň ady,
ýerleşýän ýeri
Desganyň görnüşi,
(işiniň ugry,
gurlan ýyly)
Binalaryň meýdany,
(inedördül metr)
Başlangyç bahasy
(manat)
Hususylaşdyrmagyň şertleri
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň desgalary
Lebap welaýaty
1 “Garabekewül etrap senagat kärhanasy”, Halaç etrabynyň Garabakewül şäherçesiniň Türkmenistan köçesiniň 27-nji jaýy Tikin önümlerini öndürmek,
1970ý.
1 964,90 1 522 962,00 Hususy eýeçilige satmak
Mary welaýaty
2 Ýolöteniň «Bezeg» tikin fabrigi, Ýolöten etrabynyň Ýolöten şäheriniň Tahyrow köçesi Tikin önümlerini öndürmek,
1987ý.
2 425,30 2 528 494,43 Hususy eýeçilige satmak
Ahal welaýaty
3 “G.Atamyradowa” adyndaky tikin-trikotaž fabrigi, Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň Merw köçesiniň 2-nji jaýy Tikinçilik önümlerini öndürmek
1992ý.
4 154,61 1 048 142,36 Hususy eýeçilige satmak
4 Halkyň sarp edýän harytlary önümçilik birleşiginiň 1-nji tikinçilik sehi, Bäherden etrabynyň Bäherden şäheriniň Mollanepes köçesiniň 2-nji jaýy Halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmek
1978ý.
3 410,97 2 558 310,3 Hususy eýeçilige satmak
Daşoguz welaýaty
5 Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasyna degişli Boldumsaz haly önümhanasy, Boldumsaz şäheri, B.Kerbabaýew köçesiniň 17-nji jaýy Haly önümlerini öndürmek
1987ý.
474,01 118 897,64 Hususy eýeçilige satmak
6 Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky şäherçesindäki Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasyna degişli Gurbansoltan eje adyndaky haly önümhanasy, Gurbansoltan eje adyndaky şäherçesi, Halyçylar köçesiniň 11-nji jaýy Haly önümlerini öndürmek
1972ý.
670,45 568 588,49 Hususy eýeçilige satmak
7 Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasyna degişli Gubadag haly önümhanasy, Gubadag şäheri, A.Kakabaýew köçesiniň 11-nji jaýy Haly önümlerini öndürmek
1972ý.
643,86 401 918,53 Hususy eýeçilige satmak
8 Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasyna degişli Akdepe haly önümhanasy, Akdepe şäheri, O. Ärsaryýew köçesiniň 66-njy jaýy Haly önümlerini öndürmek
1970ý.
384,76 91 928,61 Hususy eýeçilige satmak
Lebap welaýat häkimliginiň desgasy
Lebap welaýaty
9 Kerki etrabynda gurluşygy tamamlanmadyk hammamyň desgasy, Kerki şäheriniň Köýtendag köçesi Gurluşygy tamamlanmadyk desga,
1995-1996ý.
415 135 564,80 Hususy eýeçilige satmak
10 “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 1 gatly hammamy, Türkmenabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 51-nji “A” jaýy Hyzmat,
1980ý.
203 113 751,00 Hususy eýeçilige satmak
11 “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 2-nji gurluşyk gurnama müdirligi (Farap etrabyndaky bölümi bilen), Türkmenabat şäheriniň Aragatnaşyk bölümi-14 salgysy Gurluşyk gurnama işleri,
1984ý.
6 700 1 818 452,00 Hususy eýeçilige satmak
12 Mehanizasiýa işleriniň ýöriteleşdirilen kärhanasy (ýanaşyk duran ammarlarynyň binalary bilen), Türkmenabat şäheriniň Himzawod P/O-14 salgysy Gurluşyk gurnama işleri,
1958-1988ý.
15 000 7 426 931.00 Hususy eýeçilige satmak
13 Mehanizasiýa işleriniň ýöriteşdirilen kärhanasynyň bölümi, Türkmenabat şäheriniň Babagambar köçesiniň 89-njy jaýy Gurluşyk gurnama işleri,
1984-1990ý.
3 800 1 923 816,00 Hususy eýeçilige satmak
14 “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 3-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk gurnama müdirligi, Türkmenabat şäheriniň Himzawod P/O-14 salgysy Gurluşyk gurnama işleri,
1976г.
9 700 10 447 227,00 Hususy eýeçilige satmak
15 “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň “Lebapgurluşykhyzmat” müdirligi, Türkmenabat şäheriniň Himzawod 14 salgysy Gurluşyk gurnama işleri,
1986ý.
15 000 5 830 592,00 Hususy eýeçilige satmak
16 “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň “Lebapgurluşykhyzmat” müdirligine degişli bölümi, Saýat etraby, S.A.Nyýazow köçesiniň 59-njy jaýy Gurluşyk gurnama işleri,
1976ý.
2 900 1 208 845,00 Hususy eýeçilige satmak
17 “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 13-nji gurluşyk gurnama müdirligi (Görogly beg Türkmen köçesinde ýerleşýän edara jaýy we Çärjew etrabyndaky bazasy bilen bilelikde), Türkmenabat şäheriniň Ärsarybaba köçesiniň 52-nji jaýy Gurluşyk gurnama işleri,
1966-1981ý.
2 478 6 205 318,20 Hususy eýeçilige satmak
18 “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň garamagyndaky Halaç etrabynyň Halaç şäherçesiniň S.A.Nyýazow adyndaky köçesiniň 90-njy jaýynda ýeleşýän 8-nji gurluşyk gurnama müdirligi Gurluşyk gurnama işleri,
1985ý.
2 474,40 1 764 134,00 Hususy eýeçilige satmak
19 “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň garamagyndaky Halaç etrabynyň Halaç şäherçesiniň S.A.Nyýazow adyndaky köçesiniň 90-njy jaýynda ýeleşýän 8-nji gurluşyk gurnama müdirligi Gurluşyk gurnama işleri,
1980ý.
830,5 283 305,00 Hususy eýeçilige satmak
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň desgalary
Lebap welaýaty
20 «Lebap» döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň Söwda merkezi. Darganata etrabynyň Gazojak şäheri, Sazakino demir ýol bekedi Söwda işleri,
1978ý.
569 35 130,00 Hususy eýeçilige satmak
Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň desgasy
Lebap welaýaty
21 “Arzuw” maldarçylyk hojalygynyň Hojambaz etrabynyň “Gyzylgum” adyndaky daýhan birleşigiň çäginde ýerleşýän maldarçylyk fermasy Mal ýatagy,
1970ý.
988 51 878,40 Hususy eýeçilige satmak
“Türkmengaz” döwlet konserniniň desgasy
Lebap welaýaty
22 “Daşoguzgazakdyryş” müdirliginiň iki desgadan ybarat mal ýatagy (Darganata etrabynyň Lebap şäherçesinde ýerleşýär) Mal ýatagy,
1984ý.
1 930,62 133 423,50 Hususy eýeçilige satmak


Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde öz wagtynda ýüz tutma beren, öňünden ýörite tölegleri tölän hem-de bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin hasaba alnan Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet eýeçiligine degişli däl edara görnüşli taraplary we daşary ýurtlaryň edara görnüşli taraplary çagyrylýar.
Daşary ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar, halkara guramalary, olaryň Türkmenistandaky şahamçalary we hemişelik wekillikleri eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyna we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyna diňe Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň degişli netijenamasy bolan ýagdaýynda gatnaşyp bilerler.
Ýüz tutmalary kabul etmek we hasaba almak şu habaryň çap edilen güninden başlap, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde amala aşyrylýar we bäsleşikli söwdalaryň başlanmagyna 24 sagat galanda tamamlanýar.
Bäsleşikli söwdalara gatnaşmagyň tertibi barada we desgalar baradaky goşmaça maglumatlar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölümi we degişli ugurdaş bölümlerinde berilýär. Bäsleşikli söwdalara gatnaşyjylaryň hemmesine hususylaşdyrylýan desgalar bilen öňünden tanyşmaga mümkinçilik berilýär.
Döwlet eýeçiligindäki kärhanalar borçnamalary bilen birlikde hususylaşdyrylýar.


Habarlaşmak üçin telefonlar:
Aşgabat şäherinde (+993 12) 39-46-72/
 73/74/75
Änew şäherinde (+993 137) 33-0-21
Balkanabat şäherinde (+993 222) 7-89-34
Daşoguz şäherinde (+993 322) 5-41-75
Türkmenabat şäherinde (+993 422) 6-11-52
Mary şäherinde (+993 522) 6-06-87