TMweYM Germaniýada geçiriljek 4 hepdelik tejribe okuwlaryna dalaşgär seçip almak üçin söhbetdeşligi yglan edýär

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we energetika federal ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň dolandyryş işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuw çäreleriniň 2018-nji ýyldaky tapgyryna gatnaşjak döwlete degişli bolmadyk taraplaryň arasyndan Germaniýada geçiriljek 4 hepdelik tejribe okuwlaryna dalaşgär seçip almak üçin söhbetdeşligi yglan edýär


Söhbetdeşligiň geçirilýän wagty - 2018-nji ýylyň 30-njy apreli–2-nji maýy aralygynda. Okuwa diňleýjiler söhbetdeşlik esasynda kabul edilýär.
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen meýilnamalary taýýarlan dalaşgärlere Germaniýanyň dürli kärhanalarynda tejribe geçmek mümkinçiligi döredilýär. Dalaşgärler nemes, iňlis ýa-da rus dilleriniň haýsy hem bolsa birini ýeterlik derejede bilmelidirler.
Söhbetdeşlige gatnaşmak isleg bildirýänler 2018-nji ýylyň 25-nji apreline çenli zerur resminamalary kabul ediş toparyna tabşyrmaly.

Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar:
1. Ýokary bilimli bolmaly.
2. Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän edara gönüşindäki telekeçilik guramasynyň ýolbaşçysy, düzüm birliginiň ýolbaşçysy ýa-da hususy telekeçi bolmaly.
3. Dalaşgäriň azyndan 2 (iki) ýyl iş tejribesi bolmaly.

Ähli soraglar boýunça kabul ediş toparyna aşakdaky telefon belgileri boýunça ýüz tutup bilersiňiz: (99312) 39 45 72, (99312) 39 43 55.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we energetika federal ministrligi bilen bilelikde
ýurdumyzyň dolandyryş işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuw
çäreleriniň 2018-nji ýyldaky tapgyryna gatnaşjak döwlete degişli bolmadyk
taraplaryň arasyndan Germaniýada geçiriljek 4 hepdelik tejribe okuwlaryna gatnaşmak üçin gerekli zerur resminamalaryň sanawy


1 Şahsy kagyz
2 Pasportyň nusgasy
3 Diplomyň nusgasy
4 Zähmet depderçäniň nusgasy
5 Patentiň nusgasy (telekeçiler üçin)
6 TSweTB-niň agzalyk kitapçasynyň nusgasy
7 Işleýän ýerinden hödürnama (edara görnüşli taraplar üçin)
8 2 sany 3x4 surat
9 Application Form 2018 V4 RU-ZA.PDF doldurylan elektron we çap edilen görnüşi
10 01 Datenschutzerkl_rung MP BMWi_RUS.PDF doldurylan elektron we çap edilen görnüşi
11 02_Teilnahmebedingungen RUS.PDF doldurylan elektron we çap edilen görnüşi
12 2 Kooperationsprojekt ru.docx- doldurylan elektron we çap edilen görnüşi
13 PowerPoint görmüşde taslamanyň pezintasiýasy