Üns beriň! Bäsleşikli söwda!

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakynda kanunçylygyna laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär.


Bäsleşikli söwdalar 2018-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda sagat 10-00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň jaýynda geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolynyň 156-njy jaýy.


Bäsleşikli söwdada satuwa çykarylýan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Ahal welaýat häkimliginiň we Lebap welaýat häkimliginiň desgalarynyň sanawy.


Desgalaryň ady, ýerleşýän ýeri Desganyň görnüşi,
(işiniň ugry, gurlan ýyly)
Binalaryň meýdany,
(inedördül metr)
Başlangyç bahasy
(manat)
Hususylaşdyrmagyň şertleri
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň desgalary
Ahal welaýaty
1 Halkyň sarp edýän harytlaryny öndürýän önümçilik birleşiginiň 1-nji tikinçilik sehi, Bäherden etrabynyň Bäherden şäheriniň Mollanepes köçesiniň 2-nji jaýy Halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmek,
1978 ý.
3 410.97 2 558 310.30 Hususy eýeçilige satmak
2 Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäherindäki haly önümhanasy, Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäheriniň Ataýew köçesiniň 3-nji jaýy Haly we haly önümlerini öndürmek,
1953 ý.
1049.31 349 563.00 Hususy eýeçilige satmak
Mary welaýaty
3 Mary çeper halyçylyk kärhanasyna degişli Türkmengala haly önümhanasy, Türkmengala şäheriniň Täze ýol köçesiniň 4-nji jaýy Haly önümlerini öndürmek,
1999 ý.
2 678.93 1 760 495.00 Hususy eýeçilige satmak
4 Mary çeper halyçylyk kärhanasyna degişli Bagtyýarlyk haly önümhanasy, Baýramaly etrabynyň Bagtyýarlyk şäherçesiniň Şagadam köçesiniň 3-nji jaýy Haly önümlerini öndürmek,
2015 ý.
266.3 612 166.00 Hususy eýeçilige satmak
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň desgalary
Aşgabat şäheri
5 Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň Abadan awtoussahanasy, Büzmeýin etrabynyň Abadan şaýolunyň 8-nji jaýy Hyzmat,
1989 ý.
3 422.3 1 194 392.00 Hususy eýeçilige satmak
Дашогузский велаят
6 Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň Daşoguz welaýat kärhanasy we Bagtyýarlyk awtoussahanasy bilen bilelikde, Daşoguz şäheriniň S.A.Nyýazow köçesiniň 49-njy jaýy Hyzmat,
1997 ý.
5 555.6 2 824 242.00 Hususy eýeçilige satmak
Lebap welaýaty
7 Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň Bagtyýarlyk awtoussahanasy, Çärjew etrabynyň Hojagala şäherçesinde ýerleşýär Hyzmat,
2010 ý.
691.0 182 623.00 Hususy eýeçilige satmak
8 Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň Amyderýa awtoussahanasy, Çärjew etrabynyň Sarykbala geňeşliginiň Gurluşykçy obasy, Türkmenabat – Gazojak awtomobil ýolunyň ugrunda ýerleşýär Hyzmat,
1989-2010 ýý.
970.0 252 005.00 Hususy eýeçilige satmak
Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň desgalary
Balkan welaýaty
9 “Balkan azyk önümleri” kärhanasynyň dükany, Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesinde ýerleşýär Söwda,
2012 ý.
182.2 180 762.29 Hususy eýeçilige satmak
Lebap welaýaty
10 «Arzuw» maldarçylyk hojalygynyň maldarçylyk fermasy, Hojambaz etrabynyň “Gyzylgum” daýhan birleşigiň çäginde ýerleşýär Mal ýatagy,
1970 ý.
988.0 51 878.40 Hususy eýeçilige satmak
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň desgasy
Lebap welaýaty
11 «Lebap» döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň Söwda merkezi, Gazojak şäheriniň «Sazakino» demir ýol bekedi Söwda işleri,
1978 ý.
569.0 35 130.00 Hususy eýeçilige satmak
Ahal welaýat häkimliginiň desgalary
Ahal welaýaty
12 «Ahalgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 9-njy gurluşyk gurnama müdirliginiň keramiki kerpiç sehi, Tejen etrabynyň “Watan” daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýär Kerpiç öndürmek,
1986 ý.
893.2 138 178.00 Hususy eýeçilige satmak
13 «Ahalgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 11-nji gurluşyk gurnama müdirliginiň keramiki kerpiç sehi, Sarahs etrabynyň Sarahs şäherçesiniň Ş.Durdyýew köçesiniň 40-njy jaýy Kerpiç öndürmek,
1974 ý.
1 480.1 153 329.00 Hususy eýeçilige satmak
14 «Ahalgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 1-nji gurluşyk gurnama müdirliginiň keramiki kerpiç sehi, Bäherden etrabynyň Bäherden şäheriniň demirgazyk-gündogar çäginde ýerleşýär Kerpiç öndürmek,
2013 ý.
1 075.02 549 640.00 Hususy eýeçilige satmak
Lebap welaýat häkimliginiň desgalary
Lebap welaýaty
15 «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 2-nji gurluşyk gurnama müdirligi (Farap etrabyndaky bölümi bilen), Türkmenabat şäheriniň Aragatnaşyk bölüminiň 14 salgysy Gurluşyk gurnama işleri,
1984 ý.
6 700.0 1 818 452.00 Hususy eýeçilige satmak
16 Mehanizasiýa işleriniň ýöriteleşdirilen kärhanasy (ýanaşyk duran ammarlarynyň binalary bilen), Türkmenabat şäheriniň «Himzawod» P/O-14 salgysy Gurluşyk gurnama işleri,
1958-1988 ýý.
15 000.0 7 426 931.00 Hususy eýeçilige satmak
17 «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 3-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk gurnama müdirligi, Türkmenabat şäheriniň Himzawod P/O-14 salgysy Gurluşyk gurnama işleri,
1976 ý.
9 700.0 10 447 227.00 Hususy eýeçilige satmak
18 «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň «Lebapgurluşykhyzmat» müdirligi, Türkmenabat şäheriniň Himzawod 14 salgysy Gurluşyk gurnama işleri,
1986 ý.
15 000.0 5 830 592.00 Hususy eýeçilige satmak
19 «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň «Lebapgurluşykhyzmat» müdirligine degişli bölümi, Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň S.A.Nyýazow köçesiniň 59-njy jaýy Gurluşyk gurnama işleri,
1976 ý.
2 900.0 1 208 845,00 Hususy eýeçilige satmak
20 «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 13-nji gurluşyk gurnama müdirligi (Görogly beg Türkmen köçesinde ýerleşýän edara jaýy we Çärjew etrabyndaky bazasy bilen bilelikde), Türkmenabat şäheriniň Ärsarybaba köçesiniň 52-nji jaýy Gurluşyk gurnama işleri,
1966-1981 ýý.
2 478.0 6 205 318.20 Hususy eýeçilige satmak
21 «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 8-nji gurluşyk gurnama müdirligi Halaç etrabynyň Halaç şäherçesiniň S.A.Nyýazow adyndaky köçesiniň 90-njy jaýy Gurluşyk gurnama işleri,
1985 ý.
28 474.4 1 764 134.00 Hususy eýeçilige satmak
22 «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 19-njy gurluşyk-gurnama müdirligi, Döwletli etrabynyň Amyderýa şäherçesiniň S.A.Nyýazow köçesiniň 22-nji jaýy Gurluşyk gurnama işleri,
1971 ý.
3 037.7 3 187 282.00 Hususy eýeçilige satmak
23 «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 19-njy gurluşyk-gurnama müdirligine degişli bölümi, Köýtendag etrabynyň Mukry şäherçesiniň Kemine köçesiniň 29-njy jaýy Gurluşyk gurnama işleri,
1960 ý.
5 512.5 650 737.00 Hususy eýeçilige satmak


Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde öz wagtynda ýüz tutma beren, öňünden ýörite tölegleri tölän hem-de bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin hasaba alnan Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary, şeýle-hem Türkmenistanyň döwlet eýeçiligine degişli däl edara görnüşli taraplary we daşary ýurtlaryň edara görnüşli taraplary çagyrylýar.
Daşary ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar, halkara guramalary, olaryň Türkmenistandaky şahamçalary we hemişelik wekillikleri eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyna we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyna diňe Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň degişli netijenamasy bolan ýagdaýynda gatnaşyp bilerler.
Ýüz tutmalary kabul etmek we hasaba almak şu habaryň çap edilen güninden başlap, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde amala aşyrylýar we bäsleşikli söwdalaryň başlanmagyna 24 sagat galanda tamamlanýar.
Bäsleşikli söwdalara gatnaşmagyň tertibi barada we desgalar baradaky goşmaça maglumatlar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölümi we degişli ugurdaş bölümlerinde berilýär. Bäsleşikli söwdalara gatnaşyjylaryň hemmesine hususylaşdyrylýan desgalar bilen öňünden tanyşmaga mümkinçilik berilýär.
Döwlet eýeçiligindäki obýektler onuň borçnamalary bilen bilelikde hususylaşdyrylýar.


Habarlaşmak üçin telefonlar:
Aşgabat şäherinde (+993 12) 39-46-09
/72/73/75
Änew şäherinde (+993 137) 33-0-21
Balkanabat şäherinde (+993 222) 7-89-34
Daşoguz şäherinde (+993 322) 9-10-19
Türkmenabat şäherinde (+993 422) 6-11-52
Mary şäherinde (+993 522) 6-06-87