Statistika boýunça pudagara Geňeşiň mejlisi

15.05.2016
Aşgabat, 14-nji maý /TDH/. Şu gün Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara Geňeşiň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Düzümine dürli pudak edaralaryň wekilleri girýän Geňeşiň mejlisiniň gün tertibine birnäçe möhüm meseleler, şol sanda bu ulgamda pudagara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, buhgalterçilik hasabatlylyk ulgamynyň häzirki ýagdaýyna we özgerdilmegine hem-de maliýe hasabatlylygyň milli ölçeglerini ornaşdyrmaga degişli meseleler girizildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary bilen bilelikde berilýän maliýe hasabatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, görkezijileriň ulgamyny, garamagyndaky kärhanalaryň we guramalaryň döwlet statistiki hasabatlylygynyň görnüşlerini, maglumatlary gözden geçirmegiň usullaryny işläp düzýär.

Pages

Subscribe to TÜRKMENISTANYŇ MALIÝE WE YKDYSADYÝET MINISTRLIGI RSS