Merkezi saýlaw toparynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşyk geçirildi

10.02.2017
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna syn etmek boýunça GDA-nyň toparynyň ýolbaşçysy hökmünde Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşyk boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk – Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär

07.02.2017
Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barada Rezolýusiýany kabul etmegi mynasybetli ýurduyzyň halkyna ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Türkmenistanyň bölek haryt dolanyşygy 17 göterim ýokarlandy

07.02.2017
Ýanwar aýynyň jemleri boýunça Türkmenistanda bölek haryt dolanyşygynyň möçberleri geçen ýylyň degişli döwrüniň görkezijileri bilen deňeşdirilende, 17 göterime golaý artdy. Şunda bellenilen çäklerde sarp ediş harytlarynyň hem-de ilata edilýän hyzmatlaryň bahalary saklandy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

04.02.2017
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň on sekizinji maslahaty geçirildi, onda täze Kanunlaryň hem-de kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Maslahata gatnaşmak üçin degişli ministrlikleriň we edaralaryň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýakyn geljekde pudaklar boýunça esasy çäreleriň meýilnamasyna garaldy

27.01.2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde iş maslahatyny geçirdi

16.01.2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň ulag we aragatnaşyk ulgamyna, senagat pudagyna, nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň we Balkan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi

13.01.2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň Hökümetiniň 2016-njy ýylda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde duran wezipeler kesgitlenildi hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi. Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ministrlikleriň we edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary çagyryldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

06.01.2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi, onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2016-njy ýylda Türkmenistanda umumy bahasy 5 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolan desgalaryň 202-si ulanmaga berildi

16.12.2016
2016-njy ýylda Türkmenistanda umumy bahasy 5 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan desgalaryň 202-si ulanmaga berildi.
Şol desgalaryň hatarynda Aşgabadyň Halkara howa menzili, Aziýa halkara demir ýol geçelgesiniň birinji tapgyry, Lebap welaýatyndaky kuwwatly elektrik stansiýa, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň binalar toplumy we beýlekiler bar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16.12.2016
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň  nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Pages

Subscribe to TÜRKMENISTANYŇ MALIÝE MINISTRLIGI RSS