Statistika boýunça pudagara Geňeşiň mejlisi

15.05.2016
Aşgabat, 14-nji maý /TDH/. Şu gün Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky Statistika boýunça pudagara Geňeşiň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Düzümine dürli pudak edaralaryň wekilleri girýän Geňeşiň mejlisiniň gün tertibine birnäçe möhüm meseleler, şol sanda bu ulgamda pudagara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, buhgalterçilik hasabatlylyk ulgamynyň häzirki ýagdaýyna we özgerdilmegine hem-de maliýe hasabatlylygyň milli ölçeglerini ornaşdyrmaga degişli meseleler girizildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary bilen bilelikde berilýän maliýe hasabatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, görkezijileriň ulgamyny, garamagyndaky kärhanalaryň we guramalaryň döwlet statistiki hasabatlylygynyň görnüşlerini, maglumatlary gözden geçirmegiň usullaryny işläp düzýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň maliýe ministrini kabul etdi

01.05.2016
Er-Riýad, 1-nji maý (TDH). Şu gün Saud Arabystany Patyşalygynda resmi saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň maliýe ministri, Saudyň Ösüş gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Ibrahim Abdulaziz Al-Assafy kabul etdi. Ibrahim Abdulaziz Al-Assaf ýüzbe-ýüz duşuşmaga mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Er-Riýadda ýokary derejeli gepleşikleriň üstünlikli geçmegi bilen gutlady hem-de türkmen Lideriniň bu saparynyň däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Adam maýasy - ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşliginiň esasy şerti

27.04.2016
Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak meselelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Maliýe ministrliginiň Bütindünýä banky bilen bilelikde guran maslahatynyň işine ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, Halkara pul gaznasynyň, Halkara maliýe korporasiýasynyň, Ýewropanyň ösüş we özgerdiş bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň obasenagat toplumyndaky özgertmeler – bolçulyga tarap ýol

26.04.2016
Obasenagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň örän möhüm pudagydyr, oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edilen daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümçiligi ýola goýmak we eksporta iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynda aýratyn orun degişlidir. Bu maksatnamalaryň çäklerinde 110-dan gowrak taslamany, şol sanda oba hojalygynda hem-de azyk senagatynda taslamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

08.04.2016
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Hormatly adamlar!
Şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda, umuman, oňat netijeler gazanyldy. Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaý bilen bagly anyk kynçylyklara garamazdan, biz pudaklaryň ösüşinde ýetilen derejäni peseltmän saklamak üçin mümkinçilik we serişde tapdyk.
Ýurdumyzda jemi içerki önümiň möçberiniň artyşy ýylyň başyndan bäri 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, biz ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberlerini 5,7 göterim artdyrdyk. Zähmet haklarynyň möçberini hem 9,5 göterim köpeltdik.

Birža täzelikleri 27-nji Mart

27.03.2016
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda göniarassalaýyşdan geçirilen benzini Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Singapurdan gelen täjirler satyn aldylar.

Türkmenistan we Belarus milli ykdysadyýetleriň özara baglanyşygyny görkezýärler

11.12.2015
Şu gün, türkmen döwletiniň taryhyndaky şanly senäniň – ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň önümleriniň sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Belarus Respublikasynyň Söwda-senagat edarasy bilen bileleikde guran ýarmarkasynda iki dostlukly ýurduň milli ykdysadyýetlerinňi esasy pudaklarynyň kärhanalarynda öndürilýänharytlaryň köp görnüşleri hödürlenilýär.

Milli manadymyzyň 22 ýyllygyna

01.11.2015
Şu gün Türkmenistanyň Merkezi bankynyň mejlisler zalynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 22 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa hökümetiň agzalary, döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, ykdysady topluma girýän ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriň professorlary, mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Pages

Subscribe to TÜRKMENISTANYŇ MALIÝE WE YKDYSADYÝET MINISTRLIGI RSS