Bäsleşik geçirmek hakynda bildiriş (24.09.2019)

1. LOT № 300.
Ministrligiň elektron resminamalar dolanyşygy ulgamy üçin ýörite programma üpjünçiligini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Adalat ministrligi.

2. LOT № 765.
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Beýik Ýüpek ýoly, Magtymguly şaýoly we Gurbansoltan eje köçeleriniň yşyklandyryş ulgamlarynyň köne RKU, ŽKU yşyklandyryjylaryň ýerine döwrüň talabyna laýyk gelýän täze LED yşyklandyryjylaryň goýulmagy üçin 1100 sany LED yşyklandyryjylaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Energetika ministrligi.

3. LOT № 777.
Gerek bolan harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

4. LOT № 787.
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde hökümet myhmanhanasynyň gündogar, günbatar we demirgazyk tarapynda Şagadam 2-nji ýanýodanyň gurluşyk işleri, welaýatyň Boldumsaz şäherçesiniň G.Atamedow köçesiniň durkuny täzelemek işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

5. LOT № 799.
"Balkanwelaýatagyzsuw" birleşiginiň garamagyndaky "Türkmenbaşyagyzsuw" müdirliginiň kuwwatlylygy bir gije-gündizde 50000 m³ bolan deňiz suwuny süýjediji desga hem-de kuwwatlylygy bir gije-gündizde 70000m³ bolan lagym suwlaryny biologik arassalaýjy desga gerek bolan enjamlary we atiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

Bäsleşik 2019-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalar, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar barada maglumaty şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmaňyzyň esasynda alyp bilersiňiz:
Aşgabat ş., Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, 48A otag. tel. 39-46-32; 39-46-38.